Güýz arzuwy
Köçä zyňlan güjükleri görýärin,
ýa taşlanan harabada, tokaýda,
ýa-da dünýä inipdirler şo taýda,
käbirisi ölen, galany öljek,
ýazgy edip, meniň ýaly adamlar,
feýsbukda paýlaşýarlar wideo,
ilki nahar, suwun berip, sypalap,
soňra suwa düşürýärler, çaga dek,
soň äkidip, barladýalar saglygyn,
öýlerinde oýnaýarlar bileje,
gürleşýärler, adam ýaly, oturyp,
täzeje gurjagyn berip gujagna,
hoşlaşýarlar düşeginde ýatyryp;
köçä zyňlan pişikleri görýärin,
ýa köçede doglan, çöplükde doglan,
aglaýan dek, galdym diýip ýagyşda,
garda galyp, galpyldaýan janawer,
soň ýyljajatk öýde, jan gelip täze,
garagolluk edip, döwse-de küýze,
gaty-gaýrym söz diýýän ýok gaharly,
haçan adamlaryň, döwleti zyňan,
ýa döwleti talan tomusda, doýman,
ýüzi düşer bir gün hakyky güýze?