Täsin dünýe

We don’t laugh at what’s going on in our country. Unknown

Örän dogry edýärsiňiz, elbetde,
ýöne başga ýerde bolýan zatlara
uzak gülseň, belki, gelýär üstüňe,
käte ara daş bolsa-da çen-çakdan,
meger indi öwrenmegiň wagtydyr:
başga birne gülen bolmak gerek däl,
diňe özüň bilen bolmak gerek däl,
sebäbi belli zat itiň alnyna
gelen işler gurdy sylamaz, goýmaz,
bu dünýe şeýle bir gezekli çemçe,
gan içenler ganmaz, adamhor doýmaz.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024