Durmuş sapagy
Içene, çekene, öýün ýykana,
ýoldan azaşana gynanar millet,
haku-nähak taşlanana zyndana,
ýa-da akyl hassasyna, hökümet
zulum etse namartlykdan adaty,
ýa öldürse azatlykda, türmede,
gowy adam kändir iliň içinde,
kimi ýüreginden, kimi ýarymçyk
gussasyny bildrer il, neresse,
wah-wah diýer entän görse, seretse;
emma aman galsaň agyr söweşde,
hem işiňi dowam etseň azajyk,
işigiňden girip-çykyp başyň dik,
ýigrenjini gizläp bilmän, başagaý,
göriplik eden-de az bolmaz munda,
herhal öleniňden ýa-da zyndanda,
öli-diri parhyň bolman galandan,
gowudyr ol, öz gazanan zadyňdyr,
hudaý gorap gybat bilen ýalandan,
yzda galjak eden işiň, adyňdyr,
utulana, ýeňilene ýeňişsiz
bahyllyk etmezler bahyllar hatda,
aman galsaň, muzdy bardyr aýatda.