Gürrüň etme

Bir-biregiň boýnun oňran,
ýa oňurjak adamlaryň
arasynda örtäp janyň,
oňa ýanyp, muňa ýanyp,
adam hakda gürrüň etme,
tanamarsyň sözüň soňra,
ýagşy, ýaman, öwürerler,
çöwürerler, adamçylyk,
ýetrirerler gepiň başga,
many berip düýpden başga,
bilmersiň sen kimiň näme
pikiri bar, niýeti bar,
bile münüp şol bir gämä.

Biri-birin gysan, basan,
gep-gürrüňden ýüpsüz asan,
ýele sowran ertirlerin,
şu gün bolsun diýip asan,
adamlaryň arasynda
adam hakda gürrüň etme,
tanamarsyň soňra özüň,
düşünjek bar, düşünmejek
näme diýer, bilmersiň hiç,
iň ýamany - ýoýup gepiň,
tapmaz ýaly edip sepin,
nirelerde arzan, gymmat,
daşyn dolap satarlar bet,
gerekleýän bolsa birden,
garaşmarsyň, sag tarapdan,
ýa-da soldan atarlar, git,
ýaralanma ýöne ýerden.

Adamlaryň arasynda
bir-biregi satan, sowan,
adam hakda gürrüň etme,
bolsun dostuň ýa-da dogan,
aňlamarsyň öňünden hiç
haçan, nirden ösjek ýeli,
haýwanlar däl, adam dişlär,
çörek beren açyk eli.

Hala ýagşy, hala ýaman,
oýun edip ýa-da çyndan,
ýa-da bilsin diýip häzir,
galar ýaly soň awunman,
adamlaryň arasynda,
ilki diliň gowy ýuwman
başga birniň adyn tutma,
çöwürerler, öwürerler,
döşüň germe çawan güllä,
gürrüň etme bende hakda,
hem aýyp bor, kişä gülme.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025