Çeýnäp berme

Çeýnäp berme çagaňa,
öwret, özi iýsin kiçi-de bolsa.
Elinden tut, ýöne göterme mydam,
goý, özi ýöresin, dursun aýakda.
Ýalňyşa, ýardama etdirme endik,
ýok ýerinden tapma guşuň süýdüni,
çagam isleýär diýip,
isleg bir zat, durmuş başga, hemişe
isläniň bolmagy hökman däl munda;
puluň bolsa okat, ösdür çagaňy,
ýöne puluň bilen azdyrma ony,
bozma, itekleme bozuk durmuşa,
diýme “özüm hor ýaşadym, kemsindim,
çagam kemsinmesin men barkam ýanda.”
Çeýnäp berme çagaňa,
öwret, bilim, düşünje ber pul ýerne.
Çünki durmuş diňe gaty çörek däl,
ony çeýnäp berip bolmaýar birne.

Milan, 17.07.09.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024