Kim meýletin gaçyp geljek ilinden
Praga polisiýasynyň işiginde daňdan sagat 4-de iş vizasy üçin nobata durýan adamlary synlap, Roberto Savianonyň “Gomorrah” kitabynyň boş sahypasyna ýazylan goşgy.
Kim ilinden göçüp geljek ýat ile,
ýat adamlaň arasyna, tanaman,
bilmän kimsäni;
Kim ilinden gaçyp geljek keýpine,
kim başyna geýjek başgaň asmanyn,
kim aýagyn basjak başgaň ýerine,
ýaşara bir ýagdaý bolsa ýurdunda,
heý barmy keýpine entäp ýörenler,
heý bolarmy ilden keýpine gaçgak,
ýurdy elden alnan, ogurlanan ýa
ady ýurt, özi dert, ilaty ýesir,
näçe millet barka ýeriň ýüzünde,
näçe adam barka sergezdan ýören,
watan zary çöküp galan gözünde,
gör, kimlere berip ýurdunyň törün,
kim meýletin göçüp geljek ýat ile,
ilinde mafiýa çykmasa başa,
bilene, aňlana ýok munda hile,
adam gaçjak bolýar ýamandan daşa...
Daňdan sagat 4.30.
()