Ýokardaky we aşakdakylar
Biri gürlän bolýar, ullakan adam,
beýlekiler el çarpýarlar ör turup,
sebäbi olaram uly,
akyllary başynda,
aglanlar utýar urup,
öňden gelýär bu oýun,
bolşewikden ýa-da aňyrlardan has,
ula boýun bolmaly,
bek bolmaly diliňe,
kemer ýerne guşansaň,
janly ýylan biliňe.
Biri gürlän bolýar, bilýär bar zady,
beýlekiler ylalaşýar ör turup,
ýogsa ýalan ýa boş edilýän gürrüň,
on ýediden bäri ýarag, güýç bilen,
hakykaty susduryp,
nirä girdi, haýsy deşige sümdi,
ýa bu nire, çykyp bolmaýan petik,
ýöräp däl-de, ylgap gelmeli her ýyl,
bilýän ýa düşünýän iki, ýeke däl,
emma dymýar ulus il,
ýa-da gaçýan başyn alyp başaran,
basjak ýaly däli sil.
Biri gürlän bolýar, ullakan adam,
beýlekiler el çarpýarlar ör turup,
sebäbi bilýärler olar,
ýa-da kabul edýärler,
o birisi gürlemeli,
gürlän bolmaly ýa-da,
aşak seretmeli galanlar diňe,
çünki aşak baksaň, aşaklyk kada.