Birniň işi
Ýolda ýatan gara daşy,
dag başyndan düşen aşak,
ýa getirlen el bilen,
soň aklanan dil bilen,
gelejegiň öňün baglap,
ýarag bilen saklanýan,
atdan düşüp aýyrmak
diňe birniň işi däl,
islemese ulus il,
il güýjüni edip sil,
oňa derek çarkandakdan,
ýolsuz ýerden aýlansa,
ýa garaşsa başga birniň
agyrtmagna bilini,
ýakmajak bol janyňy kän,
sylasaň-da iliňi.