Surat

Adamdan galýan zat

Deňsizlik aňyrdan gelýär,
şu günki däl, düýnki däl,
birleriniň mazaryndan
gujak-gujak altyn çykýar,
ýanlaryna salynan,
ýygyp-ýygnan malyndan,
başgasyndan kümüş çykýar,
ýa bolmanda süňki çykýar
gullarynyň, gyrnagynyň,
mallarynyň, çüýräp giden,
gylyç çykýar käbiriniň ýanyndan,
aty çykýar gedem eden;
başgalary ýeke ýatyr gabyrda,
ne puly bar, ne-de maly,
ýerden ýeke çykan ýaly,
deňsizlik bu görnetin,
inkär edip bolmajak,
ölen deň däl, diri deň däl,
boş giden kän yza baksaň,
boş gitjek kän öňe baksaň,
hem belli däl kim utulan,
ýa kim utan, bagty ogşap,
ýany bilen alanlarmy baýlygyn,
ýa-da ýeke ýatan gabrynda gagşap,
mal-dünýesiz o dünýede,
deňsizligi diňe alyp gitmeýär,
yzynda-da goýýar öten...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024