Surat

Dert

Bu tebigy, belki-de,
üýtgemejek hiç asyrda,
adam özün satjak bolar
iň ýokary bahadan,
öwer özün ýa öwdürer
her hilije ýollar bilen,
dünýe - bazar, adam - dellal,
aldaw, hile esasy ýol,
siňe baksaň soňsuz elem,
iň ýamany öwünýän,
ýa öwdürýän özüni,
perişde bolan bolup,
durmaz diňe öwünmegiň çäginde,
ýok etjek bor, bogjak bolar ýuwaşy
öz dokan horjunna salyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024