Surat

Ýok döwletiň barlygy

Göreşýärmiş, berekella,
soňy haýyr bolsun, Alla,
sözün aýtsa orta çykyp,
sylamaly kimem bolsa,
agzy hapa, sögmese bes,
ýöne käte geň galýarsyň,
inkär edýär adam açyk,
döwletini, ýokmuşyn ol,
ýanynda däl, aýdýar gaçyp.

Ýok diýýär ol ýagysyna,
öýün ýykan, ýurdun ýykan,
ilki müýnli edip, dogry,
ýesir eden ýat illerde,
türmä basyp ýüzlerçe müň
raýaty edip ogry,
ýa başga zat, madda gytmy,
ýetim goýan çagalary,
dogan-gardaş, aýal-gyzy,
ýok inisi, agalary,
üçmi, ýedi arka sorap,
çörek üçin ylgap irden,
siňegini gorap zordan,
nobat bellär ýaly eden,
kilimini satyp arzan,
iki ýüzli, pursatparaz,
ýa ýalançy eden kileň,
ýüzi gara, ýaman pälli,
başga zatmy, döwlet dälmi?

Aýtjak sözün aýdyp bilmän,
dymýan illi dünýä belli,
bir-birini duşman saýyp,
yzyn aýtsaň, has-da erbet,
ýeke söz bar, aýyp, aýyp,
a ol döwlet ýog-a diýýär,
neden beýle, ol bolmasa,
bolşewikden sapak alan,
Lenin babaň ýoly bilen,
Staliniň aly bilen,
edenini edýän näme,
ýa düşünmän ýörmüň şindem,
bile münüp batan gämä?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025