Kabul edilen telperlik
Mejbur bolup ýa çekinip,
ýa-da diýip sanaşmaýyn,
düşünmejek adam bilen,
ýerinde däl, durşy ýalan,
iller ýaly bolan bolsaň,
sypaýy hem geçirimli,
näme bolsa, şol bolsun ol,
ýa-da millet, saňa näme,
kabul etseň kelteligin,
telperligin düşünjäniň,
gülki edip özüň arzan,
kelte borsuň kelte bilen,
telper borsuň telper bilen,
derek galmaz senden ertir,
öň göreşen, baran ýeriň,
geýen donuň biderek bor,
goýlan ýaly çöpe serip.