Bahana
Olar şindem Lenin hakda
hakykaty islemeýär,
islemeýär bilmek hatda
basmaçy kim hakykatda,
kim Stalin, beýlekiler,
çünki gorky otyr ýatda,
içe girip, goýbermeýär,
iki elin boýna salyp,
ýalňyşanlar iki-ýeke,
sapak bolýar ýerden galyp...
El çarpmaly söz sözlense,
diýilmänkä dik durmaly,
ýa yşarat bolsa aşak,
gol gowşuryp oturmaly,
soň gaýtmaly öýe ümsüm,
baş galdyrman gep-gürrüňe,
kim näme üçin näme diýse,
öýe gelip, kän garaşan
çagalary ýatyrmaly,
aç bolsalar suw içirip,
esasy zat, bu-da geçer,
çydamaly özüň iýip,
ýa diýmeli näme gördi,
o birleri sözün diýip?