Surat

Diri galsaň

Adam ejir çekdi, türmeden çykdy,
çagalary bilen gaçdy ýurdundan,
gutuldy, gözaýdyň diýmeli hökman,
gizlense, gözleseň, jaň etseň, tapsaň,
öýüňe çagyrsaň, saçagyň ýazsaň,
çagyrsa, duzuny iýseň, gatnaşsaň,
gowy boljak ýaly, agyr günleriň,
arly iner ýaly, bagyrdyp basýan,
aladasy biraz azaljak ýaly,
emma beýle bolmaz, türmeden çykan,
ýa-da asla türmä girip görmedik,
ýöne sowet türmesiniň önümi,
özi bilmän özün zynjyrlan ildeş,
seni öz ýanyna, kapas kamera
saljak bolar arly, kineli, gedem,
ýok diýseň, el-aýak garalar, ýara,
ýa-da kesel sen bolarsyň dermansyz,
diri galsaň, ýaşaýyş ýok hiç aňsat,
näçe ýaşa, ölüm bolmaz armansyz.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025