Adam diýip pikir etseň
Sen köçede ýa meýdanda
ýatan daşa salam berip,
ýa bir agaç bilen durup,
ýa gül bilen açylan, ak,
gürleşmersiň işiň hakda,
derdi hakda ildeşleriň,
gözüňe çiş kakýan gije,
etjek bolup bir gowy iş,
ýitirmersiň bir sagadyň,
ýa-da wagtyň aýlap, ýyllap,
ýitirseň-de zyýany ýok,
ýatan daşlar ýa agaçlar,
dik durany, ýykylany,
güller, gözüň guwandyran,
saýmaz seni samsyk, sada,
ýa özlerin uly, goçak,
görülmedik möhüm adam,
ýa-da gülüp ýalňyşyňa,
bolmaz alym saňa görä,
emma başga, tanamasaň,
wagt ýitirseň adamlara,
adam diýip pikir etseň,
giren ýaly daşly derä,
batgalyga ýa jeňňele,
hökman soňy, netije bar,
sanjysy bar kän iňňeli,
kirpi bilen ýatan ýaly,
zäherlije ujy, meger,
zyňylan daş ýaly daşdan,
garaşmaýan wagtyň gelip,
gözüňe ýa gaşa deger.