Gorky

Ýurdundan aýrylan adamlar maňa,
goý, türkmençe gürlemesin, bilmesin,
aňlamasyn türküň dilin, imanyn,
ýa orsça, iňlisçe hem norwegçe,
meniň iki söz bilýän,
üç söze düşünýän dillermiň alsa
hiç birinde geplemesin,
lap etdigim bolmasyn,
düşünýändirler,
olar maňa däli diýmez hiç haçan,
ýurdum diýip, gözüme ýaş aýlasam,
olar maňa haýyn diýmez hiç haçan,
dönük diýmez nähaga
nähak diýenim üçin,
diýmez ýurdundan gaçan,
ýa bagty çüwen göçüp.

Olar maňa gargamazlar, gülmezler,
ýa kembaha garamazlar,
ýeke başym bilen, galamym bilen,
sözüm bilen, bombasy ýok, tanky ýok,
ýok hatda kalaşnikow awtomaty ýekeje,
garşysyna çykdyň diýip şer işiň,
olar maňa gyýa bakmazlar, walla,
gyjalat bermezler eger-eger, hiç,
döwdürdiň diýip dişiň.

Ýurdundan aýrylan adamlar maňa,
bilýän, düşünerler, terjimeçisi
ýa başga bir düşündirýän birisi
bolmasyn hatda,
bolmanda gynanmazlar
diri diýip aýatda;
olar meniň gijeler,
ýurdum diýip çiş kakylan gözümi
bir damja ýaşyndan tanarlar hökman,
olar maňa däli diýmez hiç haçan,
dönük diýmezler,
diýmezler haýyn,
tüýkürmezler arkamdan,
ýa hile gurmazlar üýşüp, birleşip,
ýykaly diýip öý-jaýyn.

Ýurdundan aýrylan adamlar maňa,
goý, bilmesin türküň dilin, imanyn,
ýa meniň iki söz bilýän
iňlisçämi, orsçamy aňmasyn,
düşüner maňa hökman,
men diňe öz dilim bilýän, aňlaýan
düşünmez diýip gorkýan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024