Kynçylyk
Uzakdan uçup gelen, deňiz-derýany aşyp,
geçip gelen çölleri, aňyrsyna göz ýetmez,
daglardan aşyp gelen, ýellere döşün gerip,
guşlaryň ýadawlygna düşünmek kynmy şeýle,
munuň üçin hökman uçmak gerekmi,
gitmek gerekmi argyşa, agyr sürä goşulyp,
ýa diňe kelläňi işletmek çala,
ýa-da ýürek gerekmi, uçany gaýgy edýän,
gaýgy edýän al-asmana galany,
hemem ýere düşsün diýýän sag-aman,
daş dek gatap, asfalta gaçan guşy
maşynlaryň tekerinde jaýlaman,
ýüregiňde jaýlamak kynmyka şeýle,
ýa aňsatmy uçanlaryň hemmesin
çykan ýaly görmek keýpine seýle?