Giç düşünen derdim
Adam aýtdy:
"Näme üçindir, soňky wagtlarda döwlet TW-sine seretsem, bir klasdaşym ýadyma düşýär. Ol goňşy oba durmuşa çykyp, ýat bolupdy. Bir gezek şäherde pete-pet öňümden çykdy, ikimizem gaty begendik. “Ýat bolduň-la, gyz, özüňem gaty horlanypsyň?” diýsem, “Wah, meniňki iliňki ýalam bolmady: iki gaýynym bar, biriniň diýenini etsem, beýlekä ýaranok, beýlekisiniň diýenini etsem – eýlekä” diýdi. Onuň “iki gaýyn” diýenine gülüp: "O nähili?” diýenim ýadymda. “Garry gaýynym garryja, emma gaty bäsdeş. Gaýynym bir zat diýse, kem galyp barýan ýaly, garry gaýynym iki zat diýýär. Iki oduň arasynda galan ýaly boldum, kime ýaranjagymy ýa haýsyna köpräk yhlas görkezjegimi bilmän kösenýän. Birine gowurak ýylgyrsam, beýlekisiniň göwni galjak...” Bu gürrüňden soň, dogrusy, gülenime utandym. Bu onlarça ýyl ozalky gürrüň. Şondan soň ol klasdaşymy görmedim. Emma indi şol wagt oňa gowy düşünmändigime düşünjek bolýaryn.”