Men siziň Sabyrlyňyz däl
Adam aýtdy:
"Dynnym ýaly gyzdym, ýetim bolsaň, hiç kime gerek däl-dä, bir döwüm çöregi gysganyp, hossarlarym ondan-oňa kowýar... Ahyry hökümet ýetimhanasyna ýygnady, okadym, Sabyr Ataýewa boldum. Şondan soň hossarym köpeldi, hemmesine men gerek: “Sabyrlym-da-Sabyrlym” diýip, öýümde goýmadylar. Ahyry ýaryldym: “Bir döwüm çörege zarkam, hiç hossarymyň Sabyrlysy däldim, indi nädip Sabyrlyňyz boldum? Men siziň Sabyrlyňyz däl, gidiň, Sabyrly ýok bärde” diýdim. Türkmen jemgyýetinde, "Ýetimi ýetip ur, ýetip bilmeseň – atyp ur”, "Ýetim owlak sakladym, agzym-burnum ýag boldy, ýetim oglan sakladym, agzym-burnum gan boldy” diýen ýaly aýylganç nakyllary döreden we olary asyrlap dilden-dile geçiren, öz zalymlygyny aklan halkyň depesine çykan adam Magtymgulynyň “Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil” diýen setirlerine bukulyp, özüni aklajak bolanda Sabyr Ataýewanyň agzyndan eşiden sözlerim biygtyýar ýadyma düşdi.”