Mantyksyz maňlaý
Adam aýtdy:
"Gülüp gürleýän erkekden, aglap gürleýän aýaldan gork" diýipdirler. Ýöne indi gorkmaly zat has köpelen ýaly. Bilinýän zatdan bilinmeýän zat köp, bu hemişe-de şeýledir, belki. Ýöne ozal köp zady bilmeýändigimizi hem bilmändiris. Ata-babalarymyz, meger, şu sebäpden kysmata, maňlaýa ynanypdyr... Ejemiň kakasy üç ýaşyndaka, ejesi on ýaşyndaka ýogalypdyr. Enesi oňa 'seniň ejeň arpadan bugdaý çörek bişirýärdi, beýleki gelinlerim bugdaýdan arpa çörek bişirýärdi' diýer eken. Garry mamamyň ynanjyna görä, mama pahyryň maňlaýy ýöremänsoň, ikinji baran adamsy hem, özi-de uzak ýaşaman, ir ýogalypdyr. Maňlaý diýen zada kän ynanmazdym, emma indi nämä ynanyp, nämä ynanmajagymy hem bilmeýärin. Sebäbi durmuşda, adam ömründe, diýilýän, aýdylýan zatlarda, göwnüme bolmasa, hiç mantyk galmady..."