Dilimizdäki kynçylyk

Adam aýtdy:

"Iňlis dilinde 'deadbeat dad' diýip bir düşünje bar. Bu söz esasan ata hökmünde öz jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmeýän, aýrylyşyp, aýalyna çagalaryna bermeli kömek puluny tölemeýän erkek babatda ulanylýar. Iňlis dili baý diýseler, ilki gaty görerdim: biziň dilimiz hem, ulanyp bilseň, baý diýerdim. Emma men öz dilimizde çagalarynyň kömek puluny tölemeýän ýa aýalyndan çilim sorap oturan erkeklere bir ýa iki sözde näme diýmelidigini bilmeýärin. Iň erbedi bolsa, men özüni halkyň atasy hasaplan, ýurdy talan erkeklere näme diýmelidigini bilmeýärin. Ýöne beterden beteri bar. Häzir noýabryň aýagy, indiki aý bolsa dekabr. Ynha, sosial ulgamlarda "beýik atam" agysy başlanar. Biri 'atasynyň" suratyny paýlaşsa, beýlekisi onuň adyndan ýazylan goşgulary paýlaşar. Dogry, käbirleri olara 'ýiten nesil" diýse, beýlekileri 'tobasyz atanyň tobasyz çagalary' diýýär. Arada bir kärdeşim bu hili adamlary "öler alla diýmezler" atlandyrdy. Ýöne olar iki sözleriniň birinde alla-hudaý hem diýýärler."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024