Menem agladym
Adam aýtdy:
“Ozal utanardym. Emma indi utanmaýaryn. Sebäbi bizden has uly, kän sowatly ýa senagatlaşan ýurt ýa halk bolubam, 300 ýyl bäri özüni, durmuşyny özgerdip bilmän, diktatura astynda, kyn günde ýaşaýan adamlar bar. Ýöne birazajyk kemsinýärin. Çünki olarda, beýleki ezilen halklarda iň bolmanda satira bar, gülüp bilýärler. Mysal üçin, golaýda biriniň feýsbukdaky kinaýasyny okadym. Rusçam gowy däl, ýöne başardygymdan terjime edeýin: “Itim bilen gezime çykdym, ýöne paket almagy ýatdan çykarypdyryn. It köçäniň gyrasyndaky gök otlukda meýdan etdi. Muny geçip barýan aýallaryň biri görüp, maňa heňkirmäge başlady. Men oňa “Siz nämäniň gürrüňini edýärsiňiz? Biziň hemmämiz Wladimir Wladimirowçi goldaýarys ahyryn!” diýdim. Ol derrew sesini kesdi-de, meni gujaklap: “Onda islän ýeriňizde meýdan ediberiň!” diýdi. Soňundanam aglady. Menem agladym. Itimem aglady...” Dogrudanam, aglamaz ýaly däl. Ozalky uly doganlarymyzyň halyna, arasynda öz halymyza menem agladym.”