Durmuş oýun däl, dostum!

Durmuş oýun däl, dostum,
oýunçy däl hemme kişi,
gyzyl-ala geýinen,
emma birmeňzeş içi;
Ata atlan, pyýada git,
ýa Isa deý, eşek bolsun ulagyň,
(eger agy aýdym bolup eşdilse,
kemi bardyr gulagyň!)

Durmuş oýun däl, dostum,
ýa bolmady hiç haçan,
oýun ýaly görünse-de
seredeňde daşyndan,
ol uruşdy ýa göreşdi,
aýdylanda sypaýy,
her gün irden turaňda
geýinmeli sowudy,
taýýar tutup ok-ýaýy,
gitmeli hatarly ýola,
siňe bakyp saga-sola,
durmuş oýun däl, dostum,
hemem oýnap utulyp,
sögünmek däl ykbala...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024