Ýat ilde eşidilen ýyly sözüň gudraty
“Sen gowy ýazyjy - ýazypdyr biri,
- hem üýtgeşik goşgularyň, okaýan!”
Garaşmandym beýle söze, tarypa,
duşmak kyndy “tanaýana”, “bilýäne”,
megerem tolgundym biraz,
gadagandym ýigrim bir ýyl,
ýazan zadym üçin galyp gargyşa,
ýurdumdan gaçypdym başymy alyp,
hem ynamym azdy yzdan gelýäne;
emma birden “gowy” diýdi birisi,
gör ahyr jadysyn hoş sözüň, öwgiň,
(ýadawdym, ýatyrdym ýazmakdan galyp),
göwnüm göterildi asmana, göge,
hem gygyrdy “Ýaşa!” diýip ölýäne...