Surat

Milli howpsuzlygy goramak näme?

2013-nji ýylyň maýynda kakam maňa işden kowluşyny gürrüň berdi:
“Ýaraman galypdym, şol günem milli howpsuzlyk ofiseri gelip,
meni sorapdyr, ýarawsyzdygymy aýdypdyrlar.
“Onda aýdyň, gutulandan soň işe çykmasyn” diýipdir.”
Men ilki ýurtdan gaçamda, yzymda ilki gojalan
agam Çary Annagurbany işden kowandyklryny eşidipdim.
Ýöne inilerimi, ýegenlerimi harby gulluga alypdyrlar...

Milli howpsuzlygy goramak näme,
bilmeýän bolsaň öwren,
46 ýyl işlän Bäşim mollumy,
ogly Ýowşan üçin işinden kowmak,
ilim diýen ýeke ýigdi ýekirmek,
köpläp kowalamak, ýa satlyk tapyp,
taýak sokmak tigiriniň tekerne,
soň hassa atasyn sorajak ogluň
öňüni gabamak, aýagyn köwmek,
çukur gazmak, gaçar ýaly içine,
ýa ot ýakmak, ýanar ýaly alawlap;
milli howpsuzlygy goramak eli,
niýeti halaly öldürmek üçin
plan düzmek, nöker tutmak hakyna,
hem göz ýummak soňy gelmez talaňa,
milletiň elini, aýagyn baglan,
milli howpsuzlygy goramak näme,
bilmeýän bolsaň öwren,
ýok bolsun diýmek ol il üçin aglan!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024