Adam bolan
Bir ömür berilýär hemme
dogulana eneden,
ol ömri nähili ýaşar,
bilip bilmeýär kimse,
öwredip bolmaýar asla
ýaşamagy adama,
aýdyp bolmaýar öňünden
gelen mamlamy giden?
Sebäp özi seçýär onuň
gidip biljek ýoluny,
ýa-da asla gitmejek,
ýol yşgyndan gözi-başy aýlanman;
adam bolan käte alýar hamyr deý,
käte galýar tabagyndan saýlanman...