“Iýip, içip, münüp, guçup öt ýagşy!”

Bir ýeňles aýdymçyň suwjuk aýdymy
Köp diňlener goşgusyndan Pyragyň;
Ony toýa çagyrarlar, sylarlar,
Goýarlar öňünde gowsun aragyň.

Ol arakdan doýup, ýatlar şahyry:
“Iýip, içip, münüp, guçup öt ýagşy!”
Ýöne ýene suwjuk aýdymyn aýdar,
çünki ile görä bolmaly bagşy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019