• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Watan bilen ikiçäk

Watan, seniň bilen galdym ikiçäk,
Başujynda mazarynyň enemiň;
Men seni söýmändim wezipe üçin,
Ýa mal-mülke gelmedim men emenip...

Watan seniň bilen galdym ikiçäk,
Başujynda hassa ýatan atamyň;
Men seni ýigrenmen ýalňyşym üçin,
San-sajagy bolmasa-da hatamyň...

Watan, seniň bilen galdym ikiçäk,
Ýykyk-ýurmuk ýollarynda Tejeniň;
Men gitsem-de senden geçmerin, çünki
Mazary bar Tejeniňde ejemiň...

Maý, 2013.

  • 24.05.2014
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Biznesmen we bozgak 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019