"Bolar" diý

“Bolmaz” diýseň boljagam
haýallar, yza teser.
“Bolar” diýseň boljagyň
göwni göterler, öser.

“Bolmajak bolsa bolmaz”
diýlenine ynanma.
Bolmajak mydam diýer:
“Bolmaz bu iş, synanma!”

“Bolar” diýer boljaklar,
hem ugruna ýykylar.
Bolmajak boljaga däl,
bolmajaga dakylar.

Bolmajak bolar hoşal,
boljak çekilse ýadap.
“Bolar” diý boljak zada,
bolmak isleseň adam!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019