Giç bolmasa
Eger adam gark bolmak islese
nadanlygyň gara läbik deňzine,
eliňi uzatsaň, elin bermese,
agaç zyňsaň, ýapyşmasa, tutmasa,
sen özüňi oklap aldajy gorpa,
tutjak, çekjek bolsaň kenara ony,
a ol ursa eli ýeten badyna,
depjek bolsa gaty, aýagy ýetse,
ýa ýakaňdan tutup demir el bilen,
çekjek bolsa aşak, çykmaz ýaly hiç,
belki, birazajyk oýlanmalysyň,
eger sypyp bilseň, bolman bolsa giç...