Nadan

Diýýärler adama ýer gerek hökman,
ýöne ol ýer birleriniň içinde bolmalymy?
Bolmalymy ýüreginde, beýnide,
ýa başga bir künjeginde,
ýa-da adam biriniň çykmalymy egnine,
tanka, topa daýanyp,
ýarag berip eline ýüz-müňläp beýnisiziň,
ýer alyp bilermi adam?
Bu soragy berýän emma,
ýylgyrýaryn ajy, ýadap
taryhdan gelýän gowgadan,
şeýleräk bolarly nadan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019