Adamy depä çykarsaň...

"Ikiniň sylagy birin azdyrar." Magtymguly

Sen adamy alyp depäňde goýma,
her niçe gowy gör, syla, sarpala;
depä çykan bende eseler, azar,
seni egsik biler, özüni gala.

Çaga bolsa, boýy öser göterseň,
ýa tabydyn egne alsaň öleniň,
özüňden azajyk bolarsyň yrza,
sebäp gowy gidesi ger geleniň.

Ýöne gowy bolup depä çykarsaň,
ýa artykmaç sylag etseň adama,
ädik degse, çytmajak bol ýüzüňi,
ekin ekip, hasylyňdan ýadama!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019