Meni eşidýärmiň, eje?
Mazar başyndaky içgepletme
Eje, meni eşidýärmiň, duýýarmyň,
diýýärler-ä ölä aýanmyş bary;
men ilime elim uzatjak boldum,
emma ilden köýen ýalaky ary,
şeýle bir elime uran köp boldy,
şeýle bir ýolumda duran köp boldy,
şeýle bir köp boldy görip-bahyllar,
şeýle bir köp boldy ak saç jahyllar,
şeýle bir nebsine ejiz köp boldy,
şeýle bir gabanjaň, şeýle bir açgöz,
men bulary sanap durmaýyn, eje,
ölä aýan bolsa, bilýänsiň baryn,
men alyp bilmedim ezilen aryn,
ýogsa el uzadyp, ähli eneleň,
ähli uýalaryň, ähli ejiziň
ýagyr eden ýükün ýeňletjek boldum,
bolmanda ynandym şu diýip netim,
emma meni sakladylar ýolumdan,
atdylar, ýykdylar atlanan atym,
yrza etjek bolup ilimi, seni,
ýer sermenip galdym adamsyz çölde,
hemem ezizlerim kän etdim heläk,
geç günämi, Gypjak gyzy Gülälek?
Tejen, Nazarilik gonamçylygy, maý, 2013.