Ýüz ýuwanyň dogasy
Ýagyş ýa gar mysaly,
eräp, akyp ýüzümden,
galman ýeke damjasy,
gitsin ähli bela menden,
ýolda, yzda sataşyp,
dilän maňa ýamanlyk,
alsyn baryn yzyna,
özi bilen äkitsin,
edip elden gelenin,
daraldanlar ýolumy,
dile gelen ýalanyn
paýlan sagy, soluna,
inkär edýän diýeňde,
hüjüm edýän hopugyp,
bolan bolýan ejir çeken,
pida oýnun oýnaýanlar,
halys bolman günde ýortup,
bilsin çenin, çekilsinler,
wagtym alman mundan artyk.