Her hili ýaşaýyş
Bu oýun däl, goýun diýme adama,
goranyp bilmese gerek ýerinde,
ýa bermese gaýtargysyn uranyň,
söze derek söz atmasa daş ýaly,
göze derek göz almasa çykaryp,
gülme, käte geçirimli adamlar
geçirýärler, dözmeýärler adama,
görýänçäler görgüsini, rehim,
şepagtyň şarpyk bolup urýança,
adam ýuwaş-ýuwaş öwrenýär, bilýär,
özleşdirýär sapaklaryn durmuşyň,
daşly halta ýyrtylsa-da, ýük bolan,
unutmak kyn ähli gören kinoňy,
sylamadyk sylanmaýar, aýt sözüň,
ýöne sesiň gataltma sen, ozaly
öz beýniňi, ýüregiňi pikir et,
diýen, aýdan, öwüt beren köp bolar,
köp bor içe girip, uran ýanbaşdan,
gaty ýerden gowy kitap barmy diý,
dostuň däldir 'dost' diýýäniň hemmesi,
käte samsyk bolan bolup samsygy,
samsyk saýýan seni özünden beter,
oýnamaly bolar oýnadan bolup,
sen öz aýdan, aýtmadyk sözüňe,
eden, edýän işleriňe jogapkär,
jogapkar däl düşünýäne başgaça,
sabyrly bol, ýöne wagtyň ýitirme,
sabyr hakda aýdym diňläp biderek,
ulanmadyk, başarmadyk jylawlap,
näme diýmez, aýyplamaz arkaňdan,
ýa-da açyk, näme bolmaz, darykma,
dogry näme, egri näme, bilýän kän,
el çarpyşyk oýny bolsa, ýadaman,
elin çarpyp, öýe gelip gülýän kän,
bu ilçilik, ýaşaýyş bar her hili,
iň ýamany – ölmän, ýaşka ölýän kän...