KGB bagty
KGB, sen üýtgetseň-de adyňy,
gylyklaryň üýtgetmediň, bolmady,
şonuň üçin köne adyň tutaýyn,
töhmet atdyň, tussag etdiň, birem däl,
yrjak bolduň gara işe, halkyma,
ýurda garşy durmalydym gul bolsam,
gerçek geldi, ýeke gerçek hossarym,
gürleşmäge ýekelikde yzymdan,
ýöne ýeke goýmadyňyz, üm bilen
görkezdi-de diwardaky suraty,
eli bilen mäşe çekip görkezip,
diýdi şolmy bar sebäbi ýagdaýyň,
bir şol diýseň, men gideýin, ataýyn,
ýok, diýmeseň, bilýän bolsaň iliňi,
adamlary, gülýän seniň halyňa,
diý diýmeli diýenlerin, çyk ertir,
götermejek ýükün urma salyňa...
Men çykardym, saklamadym içimde,
ýaşamadym kine bilen, ar bilen,
ýöne seniň gorkuzanyň müňlerçe,
aýdyp bilmän, içde saklap ahmyryn,
olar bir gün ýarylmaly, bilýärin,
üç göterim, dört göterim her ilde,
diýip bilse besdir, şu gün galmaly,
agdarmaly zalymlary tagtyndan,
belki, bu bir boş arzuwdyr, KGB,
ýok, bolmasa, gör özüňden, bagtyňdan...