Bal bolan sürgün
Wiza berilse-de, ýapyk döwlete
jan ynanma, gitme diýdi gelenler,
jenaýatçy, gije ýatyp bilmeýän,
gorkýan ilden hemem kölegesinden,
bilmez näme edýänini, etjegin,
barma, görme, gynanarsyň millete,
göwnüň geçer ýaşaýyşdan, durmuşdan,
unut diýdi Watanyňy, keseki,
ýada aňsat akyl bermek, belki-de,
özi üçin ýaşap bilýän, selki däl,
ýitirmeýän başga üçin wagtyny,
köpelipdir diýdim içimden sowan,
maňa näme diýýän iliň agtygy...
Ýok, kakam bar, ejem öldi garaşyp,
gözi ýolda ähli dogan-gardaşyň,
barmaly men, görünmeli ýerine,
gidenleriň sanyny-da bilemok,
näçe ýyldyr, bäbek göreris diýip,
çaga eşiklerin alýar aýalym,
diýdim düşün, biz daşlaşyp bilmedik,
galdy ýürek şol obada, aýaklar
nirelerden çykarsa-da, diýdi ýok,
gitme, barma, ejeň ýatan ýerinde
razy bor diri galsaň, ölmeseň,
a kakaň, bilýäň-ä, sowatly adam,
düşüner ol häzir baryp bilmeseň...
Ýok, men başarmadym, berdiler wiza,
gitdim, gördüm, hassa kakam razy,
sag-aman gez gezen ýeriňde diýdi,
ýöne gelseň, jigileriň okatsaň,
kömek etseň çaý-suwuna, jaýyna
gowy bordy, göwün näme islemez,
emma gorkýan, hatarly bor her günüň,
men o mahal bilmeýärdim kän ogla,
gyz-geline bal boljagyn sürgüniň...