Berekella, talant sen

Hawa, öňki ynanýardy, ilimiň
gowy diýip sylanyndan gorkany,
goý, aç bolsun dok bolandan, kösenisn,
jenaýata başyn goşsun aljyrap,
diýýärdi ol ele düşen köp bolsun,
günäsini boýun alsyn hemmesi,
toba etsin kameranyň öüňnde,
men günäsin geçen bolup güleýin,
görüneýin geçirimli, gürlejek,
ýüregini aýdyp biljek bolmasyn,
iň esasy – yzdan gelýän nesiller,
dili kelte, neşe bolsun oýnagy,
aýal-gyzyn goramasyn, bilmesin
namys näme, ary näme milletiň,
arak içsin, sowet döwrün ýatlasyn,
çeksin diýip näçe bolsa minnetim,
hawa, öňki itdi ilin çukura,
ýöne ýene ýalan sözlän gahryman,
çynyn aýdan haýyn bolup galarmy,
ýa-da millet görmeýärmi bu oýny,
ýa-da görüp, şeýle gowy gördümi,
ýalbardymy gaýtalaý-da, han diýip,
ýa sen gowy gördüň, ýazyjy bolup,
kitap ýazyp, bolduň gülki duşmana,
doglanlar däl, berekella, talant sen,
dogmadyk hem geljek basym puşmana...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026