Edilmedik haýyş
Halk, milletiň maslahaty ýasama,
dost agladan, duşmanlary güldürýän,
tomaşa däl, çyn bolmaly ozaly,
çukur bolma özüň pilsiz gömmäge,
bol ykbalyň gazaly däl, azaly!
Ynanma sen her şahyra, ýazyja,
ýa-da bagşy senedini satanda,
seret ile, hassasy kän sagyndan,
sora, ertir neler bolar Watanda?
Ýaşulular, ak gyňaçly eneler,
ýa-da ýaşlar oýunjak däl, birleri
gurjak ýaly geýindrsin, oýnasyn,
halk, özüňi basgylatma, ýüzüňi
galdyr ýerden, seret hakyň gözüne,
hakykaty bilmän duran sada däl,
samsyk, satlyk kän bolsa-da içiňde,
dünýä berdiň Pyragyny, şa şahyr,
terkidünýä diýip, itse-de gyra,
başarmady, ornun alyp bilmedi,
bolmaz ýene, ýalan sözlän ýalançy,
talaňçylar bolup galar talaňçy,
hem boýun al, kim bar doglup, ölmedi?
Halk, milletiň maslahaty maslahat,
ýürek sözi, çyn bolmaly, bilýärsiň,
oýun bolduň, gör kimleriň elinde,
goşun çekip geldi, çapdy, talady,
ganyň siňdi Garagumda her gola,
sazaklara dökün bolduň, galady
aýdyp, diýip bilmän, öwrüldiň lala,
besdir, basyp alan basylýar bu gün,
men-menligi bolup başyna bela,
'hä' diý tur-da içden gelýän sesiňe,
bol özüňe kesekden däl, daş gala!..