Şükür goşgusy
Meniň ähli sebäbim bar,
bahana däl, sebäp diňe,
bolmak üçin ýüreksiz, daş,
gülmek üçin aglanda il,
dil öwrenip, ýol öwrenip,
başga ýurtda işläp uzak,
ýöne, şükür, KGB daş
diwaryna başym urup,
başarmady aýyrmagy
ykbalyndan milletimiň,
men aglaýan ilim üçin,
gülýän onuň güýjün görsem,
çagajyklar, elin serýän,
entedilen, döwlet äri
bolmalylar azyp, her ýan
saçalanda ýurt baýlygyn,
tomaşaçy köpeldikçe,
meniň ähli sebäbim bar,
bolmak üçin boşuň biri,
ýöne, şükür, aglaýaryn,
il aglanda gülmez içim,
gitsem nirä gaçyp, göçüp...