KGB bilen gaýybana söhbet

KGB, sen kemsideňde,
türmä basyp töhmet bilen,
sorag edip ýylgyrýarkaň,
uzak gije, lebzi ýalan,
alaý diýip boýna günäň,
ak ýürekden, toba edip,
gorkuzýarkaň gorkan bolup,
boljak işden ýok diýilse,
el bilen däl, diliň bilen
dynman urup gözlerime,
gan öýeňde ýüregime,
aýtdym saňa, duýdurdym men,
sen meni däl, çagam bilen,
bütin ili urýaň diýip,
düşünmediň, bilmediň sen,
edýän işiň manysyny,
ýa almadyň dökülse-de,
bigünäniň gan ysyny...

Beriýany äkidenler
atmak üçin ýerzemine,
aýdyp gitdi görenini,
bilenini, soňky pursat
niçik bolýar adam haly,
diýdim size, düşündirdim,
siz güldüňiz däli ýaly...

Men tanadym, gördüm sizi,
dag ýarýarka haýbatyňyz,
soň eşitdim ýeke-ýeke,
Gurbanbibi bolanlary,
sapak alsyn ýomut, teke,
hem ärsary diýýän ýaly,
ýok, bolmady, düşünmejek
düşünmeýär üme, söze,
bu gün iliň gözünde ar,
öç aglaýar, eli köze
basylanlar şatyr-şatyr,
ýanýar içden, ýakar sizi,
bolmarsyňyz uzak batyr...

KGB, sen kemsideňde,
hapa türmäň bilen öwnüp,
kurort diýen bolup, düwnüp,
süýjüsine sowan kofäň,
munuň heniz başydygyn,
uzyn diýip gepiň yzy,
soňy gelmez tutulanyň,
atylanyň diýip oksuz,
aglatjagyň atalary,
eneleri, ogul-gyzy,
aýtdym saňa, diňlemediň,
soňra diýdim toba, toba,
gören zadym geňlemedim,
Alla, Alla, Alla diýdim,
ezileni gold-a diýdim...

Indi sen bar o tarapda,
bu tarapda ezilen il,
geçen ähli teşneligin,
açlygyny türmeleriň,
yzda goýup çagalaryn
gidenler bar uzak ile,
aglanlar kän gije ýatman,
KGB, sen kemsideňde,
ilki birin, soň ikisin,
oň yzyndan onlap adam,
ýüzläp adam kemsitjegiň,
kemsitjegiň müňläp adam,
aýtdym, emma pikir edip,
ýa düşünip bilmediň sen,
arly olar, öçli olar,
çagalary has ahmyrly,
bir gün bolmaz işler bolar,
belki, indi düşünýärsiň,
üýşenýärsiň azda-kände,
ýa men şindem ýalňyşýanmy,
ýa-da ýazyk barmy sende?!.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026