Sabyr ertekisi
Belki, sabyr gowy zatdyr,
bisabyrlyk etme, garaş,
göreş, ýöne göreşme kän,
nesibäňde bary bolar,
ýogy bolmaz diýýänleri
diňläp oňma, seret käte
olar şeýle sabyrlymy,
ýa-da açgöz, doýmaz-dolmaz,
molla bolsa, seret gelse,
ýas ýerinden näçe alýar,
bagşy bolsa, toý ýerinden
jübüsine näçe salýar,
ýa-da döwlet gullukçysy,
basgançakdan nädip galýar?
Belki, sabyr gowy zatdyr,
sabyrly bol, mydar bolsa,
ýöne bolma towuk, dary
görýän gije aç, düýşünde,
bolma arzan haryt, oglan,
ynanma din-imansyza,
bolma doglup, oýnap kowlan...