Onjuk sapagy
Geň galýaryn ol adama,
kolhozda-da dogulmandyr,
sowhozda-da dogulmandyr,
gatnaşmandyr ýygnagyna
malsyz, pulsuz mähelläniň,
basyp alnan ýeri, suwy,
diňlemändir başlyklary,
gykylykçy, öz agzyndan
çykýan sözi eşitmeýän,
raýkomda ýowaşaýan,
ýa Onjukdan aldy sapak,
şapylladyp el ogşaýan...
Geň galýaryn ol adama,
doglan ýeri kapitalist,
gadym bazar düzgüninde,
emma diňe ýumruk düwüp,
gygyrmakda görýär güýjün,
ýalan sözden ýadamady,
belki, özi üçin süýji...