Ýazyjynyň ykbaly
Ýazyjynyň ýazmak bolar ykbaly,
ýa-da ýazmak üçin goýmak başyny.
Pitjiň atma oňa ýeňildiň diýip,
begenme taşlansa gara zyndana,
hem zyndanda ogurlatsa aşyny,
(kesilen agzyndan çagajyklarnyň),
ýurtdan gaçsa, galsa alys ülkede,
her agşam islese Watan düýşüni,
hem säherler turup, aglasa ajy,
yzynda örtense ýakyny, ýady,
kitaplary çykman, undulsa ady,
sen oňa hiç pitjiň atma, arkadaş,
ýazyjy ýazmaga goýar başyny,
hem ezelden bolsa eger yhlasy,
ol özüne diker mazar daşyny!..