Bagyşla, eje!

Ýurt içinde, Aşgabatda,
gözlerim däl, ýürek-bagrym
gan aglanda ýekedim men,
on dogandan biri gelmän,
bilen ýokdy hal-ahwalym,
belki, bilip durupdylar,
hol aňyrda, haçan gelip,
ýygnar diýip KNB zalym,
indi görýän, 35 ýyl,
gözi ýerde ulus-iliň,
ýüzi aşak, bir-ikisi
galdyrdy-da, näme boldy,
ýitdi niçe ogul-gyzlar,
Güni ýaşyp watanynda,
gaçyp çykan ýitýär her gün,
az aýlykly, agyr işde,
gözünde gam ýatanynda,
irden tursa, gamgyn ýene,
ýurdy gorap bilmedim men,
bagyşlawer diýýär, ene!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026