Üçünji

Kyn bor seňki, üçünji,
men uzakdan seredip,
dik oturýan gijeler,
iliň gaçýar ýurdundan,
etmeýärmiň sen ünji?

Her döşünden itilen,
her kemsinen çagasy
unutmajak ulusyň,
bilýärin men, eşidýän,
diňleýärin ýüregin,
urup dur ol entejik,
urar uzak, umydym,
halkyň sesi durlanýar,
gyrlan ýaly bolupdy,
gorkuzypdy, dogrusy,
köpeldikçe utançsyz,
kezzap, açgöz, ogrusy,
görýär indi gözsüz-de,
kimler alýar sylagy,
kyn bor seňki, üçünji,
gidip, gelip yzyňa,
etmeýärmiň sen ünji?

Birinji han gutuldy,
ýatyr gümmez astynda,
ikinji-de gutular,
nesip etse täze jaý,
belki, girer, dynç alar,
çünki Putdy bar entek,
ýöne görýän, köplük däl,
saňa çydajak tentek,
sähne bolan sowetler,
soňky nesil başgarak,
äýnek alyn bolmasa,
giç däl, daşyňa gara!..

Iki aýal, birisi,
toba-tagsyr, şahyrmyş,
bagşymyşyn beýleki,
size bolýar, ile däl,
ýaka tutýar tanaýan,
alýan adam ysyny,
bilýän toýun, ýasyny,
kemsidilen zehinler,
gara sanaw ulalýar,
stollaryň çekeri,
näçesinde öýleriň,
otuz ýyllyk göwreli,
şahyr, bagşy, sazanda,
ýa tans edýän, parhy ýok,
elin çarpyp duranlar,
diwar bolup geçeňde,
galgan, göýä, ak baýdak,
ulugyzlar, ýigitler,
arly bary, içinde
dogmaz oglan ilimiň,
men edýärin kän ünji,
kyn bor seňki, üçünji...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026