Köplük derdi
Dil adama derdi-halyn
aýtmak üçin berilenmiş,
gaýtmak üçin berilmänmiş
gepläp bilmän gepin gerek,
gaty zerur, jaý ýerinde,
galar ýaly ýanman derek...
Aýtmajagyn aýtmak üçin,
diýmejegin diýmek üçin,
göwnün görüp başgalaryň,
soň özüni iýmek üçin,
gezmek üçin ökünip kän
berilmänmiş dil bilene,
bilmedige, bilmejege,
syýasatdan daşda durýan,
ýa-da diýip başga bir zat,
gülen bolup gomaljaga,
berlen, belki, dili gülüp,
ne parhy bar diri, öli?..
Bar akylyň çägi, soňy,
emma çäk ýok akmaklykda,
sebäbini samsyklygyň,
bolan bolmaň ýöntem, sada,
ýa-da çapmaň mala, ada,
gözläp bakma saga, sola,
begen köplük idemese,
dynç al bolsa daşyň çola...