Howply nokat
Bu milletiň bar arzuwy,
diýdi biri, köp synladym,
diňledim kän gürrüňlerin,
işden kowmak biri-birin,
eýdip-beýdip, bahana kän,
garalamak mümkin bolsa,
giňejek dek dünýäsi soň,
ak boljak dek özi ertir,
tüweleme, arzuwyna
ýetdi millet, iş ýerleri
ýapyldykça aýdymçy kän,
sazanda kän, arasynda
aýdyp-aýdyp ahyrynda
düşünýän bar aýdym näme,
agy näme, il agysy,
hassa näme, ölen näme,
ölmez-gülmez bolan näme,
emel ýeten halk ýagysy,
ýurtdan çykyp, giden näme,
soň gelmejek köpeldikçe
ulaldykça hasrat dagy,
sazandalar saz guralyn
iýýär, göýä çöreginiň,
ýeten ýaly mesge ýagy,
bu döwletiň bar arzuwy,
diýdi biri, ýok etmekmi
milletini, uly, kiçi,
kimi görseň jibir-jibir,
bir-birinden ýanan içi...