Bir daş
Sen ýerinden gozgap bolmajak daşy,
gara dagy ýykjak bolup synanma,
gynanma ýykmadym diýip,
ýetmedi diýip güýjüm,
ýolda ýatan ownuk-uşak,
iki-ýeke daşy aýyrsaň bolman,
begen uly iş eden dek,
çünki her kim bir daş aýyrsa ýoldan,
ýollar munuň ýaly bolmaz çarkandak.