Meniň şeýle aýdym aýdasym gelýär
Gitara çalynman durdy, garrady,
meniň göwnüm garramady, ýaranlar,
men ýat ilde, ýurdum bakýar ýoluma,
salam aýdyň soranlara, baranlar...
Sapak alsammykam işimi goýup,
altmyşdan soň kyn bolarmy öwrenmek,
dutar çalyp, aýdym aýtmak kämahal,
iň bolmanda özüm üçin hiňlenmek,
ýüregim gysanda ilden uzakda,
gitaraly, däli bolup gijeler,
gygyrasym gelýär aýdyma meniň,
aýdymlara, ýüregime sygmadyk,
sygdyrmadyk meni jahana, belki,
galan ýaly gurulmadyk duzakda...
Eziz diýýär sesiň erbet, annoying,
a Baýramgül diýýär aýtsaň aýt welin,
maňa diňle diýme, gulak alanok,
Mylly agaň neberesi, bulara
tejenli çopanyň agtygy bolup,
saz hakynda akyl satyp bolanok...
Bolýar diýýän, köşeşýärin dessine,
ýüregimi ýaryp barsa-da aýdym,
çünki oglum ýüz görmegi bilenok,
bilmeýär ol gülüm-ýalym, iki ýüz
ýaşaýyşy, ýa edebi, garaşly,
lepbeý diýip, aýlyk alyp görmedi,
a aýalym, artyk gürläp hiç haçan,
urlan ýüze artyk şarpyk urmady...
Ýene bir zat, meniň gara gözümde,
türkmenimde eli gitara tutýan,
görýärin, köpelýär ýyl-ýyldan, Alla,
diýmek, meniň geregim ýok bu ýerde,
eltilmese, barjak bolup ölmerin,
maňa derek sesi boljar bar iliň,
maňa derek sazy boljak bar iliň,
olar aýdym aýdýar açlyk hakynda,
ejeleri hakda, garyp, biçäre,
kakalary hakda, ir ölen, belki,
olar aýdym aýdýar türme hakynda,
hemem türmä düşen gelinler hakda,
bir, iki däl, ne döw çaldy türkmene,
olar aýdym aýdýar gulluk hakynda,
açlyk hakda, iki ýyllap döwletiň
beren ezýetleri, horlugy hakda,
garyplyk hakynda, ýykan baý ýyrdy,
garşy olar guluň guly bolmaga,
gör, nireden, sowgat ýaly getirlen,
olar garşy bege diýmäge aga...
Dogry, ýene, ýene käte düýşümde
gitaramy alyp, çykýaryn sahna,
ýokarda çyralar göz gypýar, ýaşa,
kagyza däl, kesege däl, aýdymyň,
däne-däne edip ýazyp git daşa,
bu seniň öz hakyň, diýýärler, alsaň,
almasaň, men diýip gabarma aşa...
Saçlarymy, sakgalymy näçe ýyl
syrmandyryn, Alla, şeýle ösüpdir,
däli bolup saz çalýaryn sahnada,
porhan bolup, gygyrýaryn aýdyma,
derwüş ýaly, ýyrtyk çäkmen egnimde,
aýagymda çokaý, atamdan galan,
ilim diýip, halkym diýip ýürekden,
emma biri yralan dek oýanýan,
begenýärin, hernä düýşüm diýýärin,
dyrnaklarym düýşdäki dek ösgün däl,
ýa çory ýok ellerimiň, gülýärin,
sakgal-murtum bir günlükden ösgün däl,
saçym bolsa, rehimsiz gyrkylan,
ýöne turup, ýene syrýan sakgalym,
sakgalsapym synlaýaryn tankydy,
şükür diýýän oýanan ýok sesimden,
hemem diýýän öçmese bor ýürekde,
käte tüsseleýän otly kesindi...
Men gülýärin, ýaşaýaryn ýylgyryp,
sebäbi aglamak şeýle ýadatdy,
şeýle bir çökerýär pikirler käte,
soň ýedi gün gelip bilmän özüme,
hassa ýaly ýaşaýaryn, bildirmän,
ähli derdim gizleýärin içimde,
ejem düşýär ýadyma,
kakam düşýär ýadyma,
mazarlary ýola garap kiçelen,
ýada düşýär ýetim galan çagalar,
ýalňyz galan ak sakgally agalar,
ak gyňaçly, saçagy boş eneler,
obalar, ýurdumyň diregi bolan,
şeýler bir ýanýaryn, tüteýär bagrym,
ýöne şükür, dikeldýärin özümi,
goltugymdan tutup, ýalňyz dost ýaly,
aýyplaşmaň, artyk bolsa, sözümi...